Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şol wagt ýurtlary derýalar bilen bölünýän, uzyn boýly, owadan bedenli millet, her ýana gorky saçan halk, haýbatly hem basybalyjy millet, Hökmürowan Rebbe, Hökmürowan Rebbiň adyny goýan ýere, Sion dagyna sowgatlar getirer. Şol gün Müsüriň ortarasynda Rebbe gurbanlyk sypasy, serhedinde bolsa bir sütün dikiler. Reb Özüni müsürlilere tanadar. Şol gün müsürliler Rebbi tanarlar. Olar gurbanlyklarydyr galla sadakalary bilen Rebbe ybadat ederler; olar Rebbe wada berip, ony berjaý ederler. Reb şeýle diýýär: «Müsüriň baýlygy, Efiopiýa söwdasy, uzyn boýly sabalylar saňa gelerler, seniňki bolar. Gandally gullar ýanyňa gelip, seniň yzyňa eýererler, saňa tagzym edip ýalbararlar: „Hudaý diňe seniň bilendir, başgasy ýokdur; Ondan başga hudaý ýokdur“». Ol hem turup, ýola düşdi. Gidip barýarka, efiopiýaly bir agta duşdy. Ol Efiopiýanyň melikesi Kandakynyň baş wezirleriniň biridi we onuň tutuş gaznasyny dolandyrýardy. Ol Iýerusalime ybadat etmäge gelip, indi hem yzyna dolanyp barýardy. Ol öz arabasynyň üstünde Işaýa pygamberiň kitabyny okap otyrdy.
Выбор основного перевода