Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýene-de aýdyň: «Eý, gutulyşymyzyň Hudaýy, bizi halas et! Mukaddes adyňa şükürler eder ýaly, Seniň şöhratyňa buýsanar ýaly, milletleriň arasyndan bizi azat et-de, toplap al. Rebbiň adyna laýyk şöhraty beriň, gurbanlyk getirip, howlularyna giriň. Öz hatyrama, Öz mertebäme muny edýärin, näme üçin Meniň adym harlansyn? Başga bermerin Öz şöhratymy. Şonuň üçin Men goýunlarymy halas ederin, olar gaýdyp talaňa salynmaz; goýun bilen goýnuň arasynda höküm çykararyn. Isa Özüne tarap gelýän Natanaýeli görüp, ol hakda: «Ine, kalby hilesiz, hakyky Ysraýyl ogly» diýdi. Şonuň üçin Rebbimiz Isa Mesih arkaly ýeke-täk Halasgärimiz Hudaýa şan-şöhrat, güýç-gudrat, hökümdarlyk ezelden, häzir we baky ýar bolsun! Omyn.
Выбор основного перевода