Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Milletleriň butlary kümüş-tylladyr, olar ynsan elleriniň işidir. Olaryň agzy bar, ýöne gürlänok, gözleri bar, ýöne görenok. Gulaklary bar, ýöne eşidenok, agyzlarynda hiç bir dem hem ýok. Şolar dek bolar butlary ýasanlar, olara bil baglan ähli ynsanlar. Ol ýerde siz adamlar tarapyndan ýasalan hudaýlara, agaçdan we daşdan ýasalan, ne görýän, ne eşidýän, ne iýýän, ne-de ys alýan başga hudaýlara gulluk edersiňiz. Şol milletleriň hudaýlaryny oda atyp ýakdylar, olar hudaýlar däldi. Olar adamlaryň agaçdan we daşdan ýasan butlarydy. Halklaryň däp-dessurlary boşdur, tokaýdan kesilen agaja ussanyň guraly şekil berýär. Ony altyn-kümüş bilen bezäp, gymyldamaz ýaly, çekiç bilen çüýläp berkidýärler. Olaryň butlary ekin garantgasy ýaly, gepläp bilýän däldirler. Ýöräp bilmeýändikleri üçin olary göterip äkitmelidir. Olardan gorkmaň: Çünki olar ne ýamanlyk ederler, ne-de ýagşylyk».
Выбор основного перевода