Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ogly öpüň, ýogsa ol gazaba müner, siz hem heläk bolarsyňyz öz ýoluňyzda, çünki tiz tutaşýar onuň gazaby. Ony pena edinýänleriň ählisi bagtly. Emma Sen, ýa Reb, daşymda bir galkansyň, şan-şöhratym, başymy dikeldýän Sensiň. Rebbi pena edinýär biziň janymyz, Ol – kömegimiz we galkanymyz. Eý, halk, elmydama Oňa bil baglaň; ýüregiňizi Onuň öňünde döküň, çünki Hudaýdyr biziň penamyz. Sela Goý, Ysraýyl diýsin: «Onuň söýgüsi baky». Goý, Harunyň nesli diýsin: «Onuň söýgüsi baky». Goý, Rebden gorkýanlar diýsin: «Onuň söýgüsi baky». Men Rebbe intizar, janym intizar, men Onuň sözüne umyt baglaýan. Eý, Ysraýyl nesli, Rebbi alkyşlaň, eý, Harun nesli, Rebbi alkyşlaň. Eý, Lewi nesli, Rebbi alkyşlaň, eý, Rebden gorkýanlar, Rebbi alkyşlaň.
Выбор основного перевода