Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Soňra Musa elindäki hasasyny deňze ýetirdi. Reb bolsa şol bütin gije güýçli gündogar ýeli bilen deňziň suwuny kowdy. Deňiz gury ýere öwrülip, suw ikä bölündi. Ysraýyllar hem deňziň ortasyndaky şol gury ýer bilen geçdiler, suw sag tarapdan we çep tarapdan olara diwar bolup durdy. Bütin ýer ýüzüniň Taňrysy Rebbiň Äht sandygyny göterýän ruhanylaryň aýaklary Iordan derýasynyň suwuna degen badyna, ýokardan akýan suwlar kesilip, edil diwar ýaly bolup durar». Şeýlelikde, adamlar çadyrlaryny ýygnap, Iordan derýasyndan geçmek üçin ugradylar, Äht sandygyny göterýän ruhanylar olaryň öňlerine düşdüler. Şol wagty bugdaý oragy döwri bolansoň Iordan derýasynyň suwy joşup, ähli kenarlary bilen dolup-daşýardy. Muňa garamazdan, Äht sandygyny göterýän ruhanylar derýanyň gyrasyna gelip, aýaklaryny suwa degren badyna, derýanyň akymy togtady. Onsoň suwlar olardan uzakdaky Saretanyň golaýynda ýerleşýän Adama galasynyň deňinde ýygnanyp, bir üýşmek bolup durdy. Şeýle hem, Araba deňzine, ýagny Öli deňze gelip guýýan suwlaryň akmasy bütinleý kesildi. Adamlar derýadan Ýeriho tarap geçdiler.
Выбор основного перевода