Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men sizi Öz halkym edip kabul ederin we Men siziň Hudaýyňyz bolaryn. Onsoň sizi Müsür gulçulygyndan boşadan Hudaýyňyz Rebbiň Mendigimi bilersiňiz. Şonuň üçin hem indi siz Meniň sözüme boýun bolup, Meniň ähtimi saklasaňyz, ähli halklaryň arasynda siz Meniň Öz saýlan halkym bolarsyňyz, çünki tutuş zemin Meniňkidir. Siz Meniň üçin ruhanylar bolup hyzmat edýän, Maňa bagyş edilen mukaddes millet bolarsyňyz“. Ine, seniň ysraýyllara aýtmaly sözleriň şudur». Men ysraýyllaryň arasynda ýaşaryn we olaryň Hudaýy bolaryn. Aralarynda ýaşamak üçin olary Müsürden alyp çykan olaryň Hudaýy Rebbiň Mendigimi bilsinler. Olaryň Hudaýy Reb Mendirin. Soňra Musa we lewi ruhanylary: «Eý, ysraýyl halky, ümsüm bol we gulak goý! Hut şu gün siz Hudaýyňyz Rebbiň halky bolduňyz. saýlap aldy Ýahuda tiresini – Özüniň söýen Sion dagyny. Mukaddes öýüni Ol bina etdi, belent gökler deý, ebedilik berkarar eden dünýäsi kimin.
Выбор основного перевода