Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma özüňize nätanyş bolan başga hudaýlaryň yzyna eýerip, Hudaýyňyz Rebbiň bu günki meniň üstüm bilen berýän buýruklaryndan ýüz öwrüp, olara boýun egmeseňiz, onda siz näletlenersiňiz. Emma siz Hudaýyňyz Rebbe boýun bolman, Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän ähli tabşyryklaryny we parzlaryny yhlas bilen ýerine ýetirmeseňiz, onda, goý, şu näletleriň ählisi siziň başyňyzdan insin we sizi gurşap alsyn. päk we dogruçyl bolsaň, elbetde, Ol seniň üçin aýaga galar, sylaglap, hojalygyňy dikelder. Erbetleriň ýoly Rebbe ýigrenjidir, dogruçyllygy yzlaýany bolsa Ol halaýandyr. Men ony ýolladym. Ol ogrynyň hem-de Meniň adymdan ýalandan ant içýäniň öýüne girer we şol öýde-de galar; agaç-tagtasydyr daşlary bilen bile öýi ýuwudar. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr». Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Indi, eý, ruhanylar, bu buýruk siziň üçindir. Eger diňlemeseňiz, adymy şöhratlandyrmagy ýürekden islemeseňiz, onda Men siziň üstüňize nälet ibererin we alkyşlaryňyzy nälete öwrerin. Men olary eýýäm näletledim, sebäbi siz muny ýürekden islemediňiz.
Выбор основного перевода