Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Seniň geleniň düýn dälmi, bu günem men seni özümiz bilen bile sergezdan edeýinmi? Onsoňam nirä barýanymy özümem bilemok. Sen gaýt, ildeşleriňi-de özüň bilen äkit. Reb size merhemet etsin hem wepalylyk görkezsin». Onuň şöhratynyň ýurdumyzda mesgen tutary ýaly, Ol Özünden gorkýanlary dogrudan-da, hemişe halas etmäge taýýar! Ol seniň başyňa ajaýyp täç, boýnuňa monjuk bolar. Olary barmaklaryňa dak, ýüregiň gatyna ýazyp goý. «Ýahudanyň günäsi demir galam bilen ýazyldy. Bu olaryň ýürekleriniň gatyna, gurbanlyk sypalarynyň şahlaryna çakmak daşy bilen oýulyp ýazyldy. Reb şuny aýdýandyr: «Ine, ol günlerden soň, Meniň ysraýyl halky bilen baglaşjak ähtim şudur: Men kanunymy olaryň aňyna salyp, ýüreklerine ýazaryn. Men olaryň Hudaýy bolaryn, olar-da Meniň halkym bolar. Mesihiň haty sizsiňiz. Bu mese-mälim zat. Bu hatymyz hyzmatymyzyň netijesidir. Biz ony syýa bilen däl-de, diri Hudaýyň Ruhunyň güýji arkaly ýazdyk. Ol ýasy daş böleklerine däl-de, ynsan ýüregine ýazylandyr.
Выбор основного перевода