Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Bu hanlar ähli goşunlary bilen geldiler, olaryň atlarynyň we söweş arabalarynyň sany juda köpdi. Olaryň sany edil deňiz kenaryndaky çäge ýaly köpdi, ägirt uly goşundy. Şöhlesini ýer ýüzüniň dört künjegine ýaýradar ýaly, erbetleri gizlenen ýerinden silterläp çykarar ýaly, ömrüňde ir sähere buýruk berdiňmi? Daň şapagyna ýerini görkezdiňmi? Ol milletler üçin baýdak galdyrar, Ysraýylyň sürgündäkilerini toplar, ýer ýüzüniň dört künjeginden, Ýahudanyň darganlaryny ýygnar. «Eý, ynsan ogly! Hökmürowan Reb Ysraýyl ýurduna şeýle diýýär: „Soňy geldi! Ýurduň dört künjeginiň soňy geldi! «Eý, ynsan ogly! Magok ýurdundaky Meşegiň we Tubalyň hökümdary Goga tarap ýüzüňi öwür-de, oňa garşy pygamberlik et. Sen ýokary göterilip, tupan ýaly bolup gelersiň; ýurdy gaplamak üçin sen we goşunlaryň, özüň bilen birlikde köp halklar bulut ýaly bolup gelerler“».
Выбор основного перевода