Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Çünki men Penakärimiň diridigini, ahyrynda Onuň bu ýerde durjakdygyny bilýärin. Indi bolsa, eý, doganlar, size wagyz eden Hoş Habarymy ýatladyp geçmekçi. Siz ony kabul edip, onda berk dursuňyz. Size wagyz eden Hoş Habarymy gaýym tutsaňyz, ol arkaly halas bolarsyňyz. Tutmasaňyz, biderek ýere iman etdigiňiz bolar. Çünki men kabul edenimi örän wajyp habar hökmünde size-de gowşurdym. Bu habar, ine, şundan ybarat: Mukaddes Ýazgylara görä, Mesih biziň günälerimiz üçin öldi. Ol jaýlanyp, Mukaddes Ýazgylara görä hem üçülenji gün diýlende direldi. Onsoň Isa Mesih Petrusa, soň Onkilere göründi. Mundan soň Ol şol bir wagtyň özünde bäş ýüzden-de gowrak dogana göründi. Bu doganlaryň käbiri eýýäm aradan çykdy, ýöne aglaba bölegi häzir hem diri. Soňra Ol Ýakuba göründi, soň resullaryň ählisine göründi. Iň soňunda bolsa maňa, ýagny şeýle derejä asla mynasyp bolmadyga göründi. Çünki men resullaryň arasynda iň kiçisidirin. Men hatda resul adyny almaga-da mynasyp däl, sebäbi Hudaýyň ýygnagyna azar beripdim. Emma men nähili bolsam-da, diňe Hudaýyň merhemeti arkaly şeýle boldum. Onuň maňa eden merhemeti puja çykmady: men hemmelerden-de köp zähmet çekdim. Aslynda muny men däl-de, maňa ýar bolan Hudaýyň merhemeti etdi. Şunlukda, isle men bolaýyn, isle-de beýleki resullar bolsun – tapawudy ýok: biz bu Hoş Habary wagyz edýäris, siz-de oňa ynandyňyz. Biz Mesih direldi diýip wagyz edýäris. Onda siziň araňyzdan käbirleri nädip merhumlar direlmez diýip bilýär? Eger merhumlar direlmeýän bolsa, onda Mesih hem direlen däldir. Eger Mesih direlmedik bolsa, onda biziň wagzymyz-da, siziň imanyňyz-da biderekdir. Munuň üstesine-de, biziň Hudaý barada ýalan şaýatlyk etdigimiz bolýar. Sebäbi biz Hudaý Isa Mesihi direltdi diýip şaýatlyk edýäris ahyryn. Eger merhumlar direlmeýän bolsa, onda Hudaý Isa Mesihi-de direlden däldir. Hawa, merhumlar direlmeýän bolsa, onda Isa Mesih-de direlen däldir. Eger Isa Mesih direlmedik bolsa, onda siziň iman getirmegiňiz hem puçdur: siz öňkiňiz ýaly günäleriňiziň içindesiňiz. Diýmek, Isa Mesihde imanly bolup aradan çykanlar hem heläk bolandyr. Eger biz diňe bu durmuşda Isa Mesihe umyt baglaýan bolsak, ähli ynsanlaryň iň betbagtydyrys. Ýöne Isa Mesih hakykatdan-da ilkinji bolup ölümden direldi. Bu beýleki merhumlaryň hem direljekdigini kepillendirýär. Çünki ölümiň bu dünýä adam arkaly gelşi ýaly, ölümden direliş-de adam arkaly gelýändir. Adam atanyň nesilleriniň ählisi ölýär. Şunuň ýaly, Isa Mesihe degişli bolanlaryň-da ählisi ýaşaýşa gowşar. Ýöne her kes öz gezeginde direler. Isa Mesih ilkinji bolup direldi. Mesih gelende, Oňa degişli bolanlar-da direler. Isa Mesih ähli agalyklary, ygtyýarlyklary we güýçleri ýok edip, Şalygy Ata Hudaýa tabşyranda bolsa dünýäniň soňy bolar. Çünki Hudaý Isa Mesihiň ähli duşmanlaryny Onuň aýak astyna salýança, Mesih şalyk sürmelidir. Ýok edilmeli duşmanlaryň iň soňkusy hem ölümdir. Çünki Hudaý «ähli zady Onuň aýagynyň astynda goýdy». Hawa, Hudaý ähli zady Mesihiň aýak astynda goýdy. Ýöne «ähli zady» diýlende, munuň Hudaýa degişli däldigi mese-mälimdir. Hudaý ähli zady Ogluna tabyn edenden soň, Ogul hem Özüni ähli zady Onuň aýak astyna goýan Hudaýa tabyn eder. Bu Hudaýyň ähli zatda doly höküm sürmegi üçindir. Eger direliş ýok bolsa, merhumlara derek suwa çümdürilenler näme ederkä? Eger merhumlar hiç haçan direlmejek bolsa, adamlar näme üçin olara derek suwa çümdürilýärkä? Biz hem näme üçin özümizi sagatsaýyn howp astyna salýarkak? Rebbimiz Isa Mesihiň huzurynda size bolan buýsanjymdan ant içýärin: men her gün ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolýaryn. Eger-de meniň delillerim diňe ynsan delilleri bolan bolsa, men heý-de Efesdäki wagşy haýwanlar bilen göreşermidim? Mundan näme peýda gazanardym? Eger merhumlar direlmeýän bolsalar, «geliň, iýeliň, içeliň, ertir biz öleris!» Aldanmaň! Ýaramaz ýaranlar ýagşy häsiýetlini hem azdyrýandyr. Akylyňyza aýlanyň, günä etmegi bes ediň. Siziň araňyzda Hudaýy tanamaýanlar hem bar. Men muny sizi utandyrmak üçin aýdýaryn. Ýöne kimdir biriniň: «Merhumlar nädip direler? Olar gaýdyp gelenlerinde bedenleri nähili bolarka?» diýip soramagy mümkin. Nähili nadanlyk! Seniň eken tohumyň ölmese, ýaşaýşa gowuşmaz. Sen ekeniňde gögerjek ösümligi tutuşlygyna ekmeýärsiň. Sen ýöne tohum, mysal üçin bugdaý ýa-da başga bir ösümligiň tohumyny ekýärsiň. Hudaý bolsa bu tohuma Öz bellän görnüşini berýär. Her tohumyň-da öz görnüşi bolýandyr. Bedenleriň hemmesi birmeňzeş däldir. Ynsanyň öz bedeni, haýwanlaryň öz bedeni, guşlaryň öz bedeni, balyklaryň-da öz bedeni bolýar. Şeýle-de, göklere ýa ýere degişli zatlar-da bardyr. Göklere degişli zatlaryň öz görki, ýere degişli zatlaryň-da öz görki bardyr. Günüň öz görki, aýyň öz görki bardyr, ýyldyzlaryň-da öz görki bardyr. Bir ýyldyzyň görki beýleki ýyldyzyňkydan tapawutlydyr. Merhumlaryň direlişi-de şuňa meňzeýändir. Çüýreýän beden jaýlanyp, çüýremejek beden direlýär. Abraýsyzlykda jaýlanyp, şan-şöhratda direlýär. Ejizlikde jaýlanyp, güýç-kuwwatda direlýär. Pany bedende jaýlanyp, baky bedende direlýär. Pany beden bar bolsa, baky beden hem bolýandyr. Çünki Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Ilkinji adam – Adam ata janly barlyk boldy». Soňky Adam bolsa ýaşaýyş berýän Ruh boldy. Baky beden pany bedenden öň bolup bilmeýär. Tersine, ilki pany beden bolýar, soňra bolsa baky beden bolýar. Ilkinji ynsan ýeriň topragyndandy, ikinji Ynsan bolsa Göklerdendi. Toprakdan ýaradylan ilkinji ynsan nähili bolsa, ýerdäki ynsanlar hem şeýledir. Göklerden inen Ynsan nähili bolsa, göklere degişli ynsanlar hem şeýledir. Biz toprakdan ýaradylan ynsana nähili meňzän bolsak, göklerden Bolana hem şeýle meňzäris. Şoňa görä-de, eý, doganlar, men size aýtmakçy: et bilen gandan bolan ýerdäki ynsan Hudaýyň Şalygyny miras alyp bilýän däldir. Çüýreýän beden çüýremeýän bedene şärik bolup bilýän däldir. Gulak goýuň, size bir syry aýan edeýin: biz ölmeris, ýöne hemmämiz özgerdileris. Bu iň soňky surnaý çalnanda göz-açyp ýumasy salymda, bir pursatda amala aşar. Surnaý çalnar, merhumlar çüýremezek halda direldiler, biz hem özgerdileris. Rebbiň Özi hökmürowan gygyryş bilen, Öz surnaýy bilen, baş perişdäniň sesi bilen göklerden iner. Şonda ilki bilen Mesihe gowşan merhumlar direler.
Выбор основного перевода