Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eger Hökmürowan Reb birnäçämizi aman galdyrmadyk bolsady, Sodom ýaly bolardyk, Gomora meňzärdik. Men seredip durkam tagtlar guruldy. Owaldan Bar Bolan tagtynda oturdy. Onuň geýimleri gar ýaly ap-akdy, başyndaky saçlary hem pamyk ýaly ap-akdy. Onuň tagty oduň ýalny kimindi, tigirleri ýanyp duran otdy. Onsoň owaldan Bar Bolan gelip, Özüniň mukaddes adamlarynyň haýryna höküm çykardy. Beýik Hudaýyň mukaddes adamlary üçin patyşalygy eýelemegiň wagty geldi. Patyşalyk, hökümdarlyk, tutuş gögüň astyndaky patyşalyklaryň beýikligi Beýik Hudaýyň mukaddes adamlaryna berler. Bu halkyň patyşalygy ebedi patyşalyk bolar. Ähli hökümdarlar bu halka gulluk edip, boýun egerler». Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, ähli zadyň täzelenen döwri Ynsan Ogly Öz şöhratly tagtynda oturanda, Meniň yzyma düşen siz hem on iki tagtda oturyp, Ysraýylyň on iki tiresine kazylyk edersiňiz. Siz Meniň Şalygymda iýip-içersiňiz we tagtlarda oturyp, Ysraýylyň on iki tiresiniň üstünden kazylyk edersiňiz».
Выбор основного перевода