Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men seredip durkam tagtlar guruldy. Owaldan Bar Bolan tagtynda oturdy. Onuň geýimleri gar ýaly ap-akdy, başyndaky saçlary hem pamyk ýaly ap-akdy. Onuň tagty oduň ýalny kimindi, tigirleri ýanyp duran otdy. Öňünden bir otly çeşme çogup akýardy. Müňlerçe müňler Oňa hyzmat edýärdi. On müňlerçe on müňler huzurynda dik durýardy. Kazyýet mejlisi höküme başlady, kitaplar açyldy. Ynsan Ogly Öz şan-şöhratyna beslenip, ähli perişdeleri bilen geler-de, şöhratly tagtynda oturar. Ähli milletler Onuň huzuryna ýygnanarlar, çopanyň goýunlary geçilerden saýlaýşy ýaly, Ol hem olary biri-birinden saýlar. Goýunlary sagynda, geçileri hem solunda goýar. Onsoň Patyşa sagyndakylara şeýle diýer: „Eý, Atamyň ýalkanlary! Geliň-de, dünýä ýaradylandan bäri siziň üçin taýýarlanan patyşalygy miras alyň. Sebäbi Men açdym – nan berdiňiz, teşnedim – suw berdiňiz, kesekidim – myhman aldyňyz, ýalaňaçdym – don berdiňiz, hassadym – bejerdiňiz, zyndandadym – görmäge geldiňiz“. Şonda dogry adamlar Oňa jogap berip diýerler: „Ýa Reb, biz Seni haçan aç görüp, nan berdik? Haçan teşne görüp, suw berdik? Haçan Seni keseki görüp, myhman aldyk ýa ýalaňaç görüp, don berdik? Haçan Seni hassa ýa-da zyndanda görüp, ýanyňa geldik?“. Patyşa olara: „Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň bu iň pes saýylýan doganlarymdan birine edeniňizi Maňa edensiňiz“ diýip jogap berdi. Onsoň solundakylara şeýle diýer: „Eý, lagnatlylar, Meniň ýanymdan aýrylyň, iblis bilen onuň perişdelerine taýýarlanan ebedi oda ýanyň! Sebäbi Men açdym – nan bermediňiz, teşnedim – suw bermediňiz, kesekidim – myhman almadyňyz, ýalaňaçdym – don bermediňiz, hassadym we tussagdym – ýanyma gelip görmediňiz“. Şonda olar: „Ýa Reb, biz Seni haçan aç, teşne, keseki, ýalaňaç, hassa ýa-da tussaglykda görüp-de, Saňa hyzmat etmedik?“ diýip sorarlar. Şonda olara: „Size dogrusyny aýdýaryn, muny bu iň pes saýylýanlardan birine etmedigiňizi, Maňa-da eden dälsiňiz“ diýip jogap berdi. Bular ebedi jeza, dogry adamlar bolsa baky ýaşaýşa gowşarlar». Deňiz görüp, ökje göterdi, Iordan derýasy ters ugra akdy. Gaýany suw howzuna öwürýän, çakmak daşy suw gözbaşyna öwürýän Rebbiň öňünde, Ýakup Hudaýynyň öňünde titre, ýer ýüzi! Soňra demir, toýun, bürünç, kümüş we altyn harman jaýdaky saman ýaly kül-peýekun boldular. Şemal olary pytradyp taşlanda, olaryň yzy-sory galmady. Emma heýkele urlan daş beýik daga öwrülip, bütin ýer ýüzüni doldurdy. Emma Rebbiň güni gijeki ogry kimin geler. Şonda asman uly güpürdi bilen ýiter, asman jisimleri ýanyp dargar, ýer we onda edilen ähli işler äşgär bolar. Ähli zat şeýdip dargajak bolsa, onda siziň nähili adamlar bolmagyňyz gerek? Hudaýyň gününe garaşyp, ony çaltlandyryp, Hudaýyň päk ýörelgesine eýermegiňiz gerek. Ol gün asman ýanyp ýok bolar, asman jisimleri ýanyp erär.
Выбор основного перевода