Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Olaryň etmişlerini, eden ýamanlygyny özlerine gaýtar; elleriniň edenlerini özlerine gaýtar; edenlerine laýyk öwezini ber. Ýa Taňry, sadyk söýgi Seniňkidir, Sen her kese edenine görä öwezini gaýtarýarsyň. Eger sen: «Biz bilmedik» diýseň, ýürekleri Synaýan muny bilmezmi? Seniň janyňy Goraýan ony aňmazmy? Ol her kime işine laýyk gaýtarmazmy? Ol her kese işlerine görä jeza berer, ýagylaryna gazap, duşmanlaryna jeza garaşýar, adalara jeza berer. «Men-Reb her ynsana tutan ýoluna, eden işlerine görä jeza bermek üçin, ynsanyň ýüregini barlaýaryn, pikirlerini synaýaryn». Dowzahda ejir çekýän baý gabagyny galdyryp, uzakdan Ybraýymy we onuň ýanyndaky Lazary görýär. Muňa geň galmaň, sebäbi mazardakylaryň hemmesiniň Onuň sesini eşitjek wagty geler. Ýagşylyk edenler ýaşamak üçin, ýamanlyk edenler bolsa höküm edilmek üçin direler.
Выбор основного перевода