Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Öz duşmanyňyň azaşan öküzine ýa-da eşegine duşsaň, ony eýesine getirip ber. Eger seni ýigrenýän biriniň eşeginiň ýük astynda ýatanyny görseň, ony taşlap gitme. Oňa bu ýükden azat bolmaga kömek et. Eger duşmanyň aç bolsa, oňa nan ber, suwsan bolsa suw ber. Isa: «Atam! Olary bagyşla, sebäbi olar näme edýänlerini bilenoklar» diýdi. Esgerler bije atyşyp, Onuň eşiklerini paýlaşýardylar. Onsoň ol dyza çöküp, batly gygyryp: «Ýa Reb! Bu günäni olara ýükleme!» diýdi. Şu sözleri aýdyp, ol jan berdi. Özüňize azar berýänlere gargamaň, tersine, olar üçin ýagşylyk diläň. Gaýtam Mukaddes Ýazgylarda ýazylanlary berjaý ediň: «Duşmanyň aç bolsa, oňa nan ber, suwsan bolsa, suw ber. Şonda onuň başyna köz goýarsyň». Biz gara der döküp, zähmet çekýäris. Bize garganlarynda, olara ýagşylyk dileýäris. Bizi yzarlanlarynda, muňa çydaýarys. Ol sögülende sögmedi, ejir çekende hiç kime howp salmady. Muňa derek Özüni adyl höküm çykarýan Hudaýa tabşyrdy.
Выбор основного перевода