Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eger bir adam bir gyza öýlense, ýöne ondan kemçilik tapandygy üçin ony halamasa, onda, goý, ol aýalynyň eline talak hatyny ýazyp bersin we ony öýünden çykaryp goýbersin. Ol aýal onuň öýünden gidip, başga birine durmuşa çykyp biler. Emma ol aýalyň ikinji adamsy hem halaman, onuň eline talak hatyny berip, öýünden kowsa (ýa-da onuň ikinji baran adamsy ölse), kowup goýberen birinji äri onuň haramdygy üçin, ony ikilenç özüne aýal edip almaga hakly däldir, çünki beýle etmek Rebbe nejislikdir. Hudaýyňyz Rebbiň size mülk edip berýän ýerini harama çykarmaň. «Aýdaly, bir adam aýalynyň talagyny berýär, ol aýal hem onuň bilen aýrylyşyp, başga birine barýar. Mundan soň ýaňky adam bu aýaly ikinji gezek alarmy? Beýle etse ýurt bütinleý haram bolmazmy? Sen bolsa, eý, Ysraýyl, köp oýnaşlar bilen zyna etdiň. Indi bir Maňa tarap öwrülersiňmi? Muny Reb aýdýandyr. Isanyň ýanyna gelen käbir fariseýler Ony synap görmek üçin: «Bir adamyň her hili bahana arap, öz aýalyndan aýrylyşmagy kanuna dogry gelýärmi?» diýip soradylar. Isa hem: «Siz näme „Ýaradanyň Özi owal-başda ynsanlary erkek we aýal edip ýaratdy“ diýen sözleri okamadyňyzmy? „Şol sebäpden hem erkek ata-enesini taşlap, aýaly bilen birleşýär we olaryň ikisi bir ten bolýar“. Şeýlelikde, olar indi iki däl, bir tendir. Şonuň üçin hem Hudaýyň birleşdirenini ynsan aýyrmasyn» diýdi. Fariseýler Isadan: «Onda näme üçin Musa talak hatyny ýazyp, aýrylyşmaga ygtyýar beripdir?» diýip soradylar. Isa olara: «Musa siziň doňýürekdigiňiz üçin aýalyňyzy aýyrmaga ygtyýar berdi, emma owal-başda beýle däldi. Men size şuny diýýärin: kim aýalyny zynadan başga sebäp bilen aýryp, başga aýala öýlense, zyna edýändir» diýip jogap berdi. Isa olara: «Aýalyny aýryp, başga aýala öýlenen adam öz aýalyna garşy zyna edýändir. Aýal hem ärinden aýrylyp, başga erkege barsa, öz ärine garşy zyna edýändir» diýip jogap berdi.
Выбор основного перевода