Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb şeýle diýýär: «Gökler Meniň tagtym, ýer aýagyma kürsüdir. Maňa gurjak öýüňiz hany?! Dynçlyk mekanym nirede boljak?! Waý halyňyza, eý, kör ýolbaşçylar! Siz: „Kim ybadathanadan ant içse, bu hiç zat saýylar, emma kim ybadathananyň altynyndan ant içse, ol öz antyny berjaý etmäge borçludyr“ diýýärsiňiz Eý, nadan körler! Haýsysy uly: altynmy ýa-da altyny mukaddes edýän ybadathana? Şeýle-de, siz: „Kim gurbanlyk sypasyndan ant içse, bu hiç zat saýylar, emma kim onuň üstündäki sadakadan ant içse, öz antyny berjaý etmäge borçly bolar“ diýýärsiňiz. Eý, körler! Haýsysy uly: sadakamy ýa-da sadakany mukaddes edýän gurbanlyk sypasy? Gurbanlyk sypasyndan ant içýän, ondan hem, onuň üstündäki ähli zatdan hem ant içýändir. Ybadathanadan ant içýän, ondan hem, onda mekan tutan Hudaýdan hem ant içýändir. Gökden ant içýän, Hudaýyň tagtyndan hem, onda Oturandan hem ant içýändir. Reb, olara, ine, şeýle diýdi: „Gökler Meniň tagtym, ýer aýagyma kürsüdir. Maňa nähili öý gurjaksyňyz siz?! Haýsy ýer dynçlyk mekanym bolar?! Ozaly bilen, eý, doganlarym, höküm edilmeziňiz ýaly, gökdenem, ýerdenem, mahlasy hiç zatdan ant içmäň. Jogabyňyz diňe «hawa» ýa-da, «ýok» bolsun.
Выбор основного перевода