Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma, eý, Meni diňleýänler, size şeýle diýýärin: duşmanlaryňyzy söýüň, özüňizi ýigrenýänlere ýagşylyk ediň. Özüňize gargaýanlar üçin ýagşylyk diläň, özüňizi ynjadýanlar üçin Hudaýa doga okaň. Bir ýaňagyňa urana beýleki ýaňagyňy-da tut. Donuňy alandan köýnegiňi hem gaýgyrma. Saňa dileg salana ber, özüňden bir zat alandan yzyna sorama. Adamlaryň özüňize näme etmegini isleýän bolsaňyz, siz-de olara şeýle ediň. Siz özüňizi söýýänleri söýýän bolsaňyz, munuň bilen näme hormat gazanýarsyňyz? Günäkärlär-de özlerini söýýänleri söýýärler ahyryn. Siz özüňize ýagşylyk edýänlere ýagşylyk edýän bolsaňyz, munuň bilen näme hormat gazanýarsyňyz? Günäkärler-de şeýle edýändirler. Yzyna almak tamasy bilen karz berýän bolsaňyz, munuň bilen näme hormata mynasypsyňyz? Günäkärler-de doly yzyna almak niýeti bilen günäkärlere karz berýändirler. Duşmanlaryňyzy söýüň, ýagşylyk ediň, yzyna almasyz karz beriň. Şonda siziň sylagyňyz uly bolup, Beýik Hudaýyň ogullary bolarsyňyz, sebäbi Ol gadyr bilmezlere-de, pislere-de mähirlidir. Gökdäki Ataňyzyň rehimli bolşy ýaly, siz-de rehimli boluň. Öz halkyňdan öç alma, olaryň hiç biri babatda içiňde kitüw saklama. Gaýtam, ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý. Men Rebdirin. «Maňa näme eden bolsa, menem şony ederin, etmişine görä gaýtararyn» diýme. Bu zatlary aýdyp bolansoň, şol ýerde duran garawullaryň biri Isanyň dulugyna bir şapbat çalyp: «Baş ruhana şeýle jogap berýärsiňmi?» diýdi. Isa oňa: «Men nädogry aýdan bolsam, munuň nädogrudygyny subut et. Eger dogry aýdan bolsam, onda näme üçin Meni urýarsyň?» diýdi. Ýamanlyga ýamanlyk etmäň, tersine, hemmelere ýagşylyk etmäge ymtylyň. Eý, ezizlerim, özüňiz ar aljak bolmaň, muny Hudaýa tabşyryň. Sebäbi Reb: «Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin» diýýär. Ýamanlyk senden üstün gelmesin, tersine, ýagşylyk edip, ýamanlykdan üstün bol. Eger eden nädogry işiňiz üçin ýenjilmelere döz gelýän bolsaňyz, bu size näme hormat getirer? Emma ýagşylyk edibem ýene ejir çekseňiz we muňa çydasaňyz, Hudaý mundan has köp razy bolar. Ýamanlyga ýamanlyk, sögünje sögünç bilen gaýtargy bermän, tersine, alkyş bilen jogap beriň, sebäbi siz şunuň ýaly ýaşamaga çagyrylansyňyz.
Выбор основного перевода