Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Agam, meniň hyzmatkärim öýde agyr ýatyr. Çekýän jebrinden ýaňa gozganyp-da bilenok» diýip ýalbardy. Şol gün agşam Isanyň ýanyna arwah-jyn eýelän adamlary getirdiler. Ol hem bir söz bilen olardaky erbet ruhlary çykardy, şeýle-de hassalaryň hemmesini sagaltdy. Isa kölüň beýleki kenaryndaky gadaralylaryň ýurduna geldi. Ol ýerde Oňa arwah-jyn eýelän iki sany adam duş geldi. Olar gonamçylykdan çykyp gelýärdiler. Olaryň juda wagşydyklary üçin, ol ýerden hiç kim geçip bilmeýärdi. Çopanlar gaçyp, şähere gitdiler. Olar arwah-jyn eýelän adamlara näme bolandygy baradaky wakalaryň hemmesini halka gürrüň berdiler. Birnäçe adam Onuň ýanyna düşekde ýatan bir ysmazy getirdi. Isa olaryň imanyny görende, ysmaza: «Oglum, dogumly bol, seniň günäleriň ötüldi» diýdi. Emma siz Ynsan Oglunyň ýer ýüzünde günäleri ötmäge-de ygtyýarynyň bardygyny bilip goýuň» diýdi. Onsoň Ol ysmaza: «Saňa diýýärin, tur, düşegiňi al-da, öýüňe gaýt» diýdi. Gün batyp, agşam düşende, ähli hassalary, arwah-jyn eýelän adamlary Onuň ýanyna getirdiler. Adamlar ylgaşyp, şol töwerekdäki ýerlere boýdan-başa aýlandylar we hassalaryny düşekleri bilen Isanyň ýanyna getirdiler. Olar her sapar Isanyň nirededigini eşitseler, hassalaryny şol ýere getirip başladylar. Isa nirä barsa, oba bolsun, şäher bolsun ýa-da şäherçe, adamlar hassalary meýdanlarda ýatyryp, diňe donunyň syýyna ellerini degirmäge rugsat etsin diýip, Oňa ýalbarýardylar. Oňa el degrenleriň hemmesi-de şypa tapýardy. Bu wakany görenler bolsa, olara arwah-jyn eýelän adamyň nähili sagalandygy barada gürrüň berdiler.
Выбор основного перевода