Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Bedeni öldürip, jany öldürip bilmeýänlerden gorkmaň. Gowusy, bedeni hem, jany hem dowzahda ýok etmäge güýji ýetýän Hudaýdan gorkuň. Onsoň Petrus Oňa: «Ine, biz ähli zadymyzy taşlap, Seniň yzyňa düşdük! Munuň üçin biz näme alarys?» diýdi. Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, ähli zadyň täzelenen döwri Ynsan Ogly Öz şöhratly tagtynda oturanda, Meniň yzyma düşen siz hem on iki tagtda oturyp, Ysraýylyň on iki tiresine kazylyk edersiňiz. Meniň hatyram üçin öýlerini, doganlaryny, uýalaryny, ene-atasyny, çaga-çugalaryny, ýerlerini taşlan her kes yzyna ýüz esse edip gaýtaryp alar. Olar baky ýaşaýşyň mirasdüşeri bolarlar. Emma ilkinjileriň köpüsi soňkular, soňkularyň köpüsi hem ilkinjiler bolar» diýdi. Petrus Oňa: «Ine, biz ähli zadymyzy taşlap, Seniň yzyňa düşdük!» diýdi.
Выбор основного перевода