Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Isa şäherlerdir obalaryň baryny aýlanyp, ol ýerdäki sinagogalarda sapak berýärdi. Şalyk hakdaky Hoş Habary wagyz edip, her hili kesellere we dertlere şypa berýärdi. Isa on iki şägirdini ýanyna çagyryp, olara arwah-jynlary kowmaga, her hili kesellere we dertlere şypa bermäge ygtyýar berdi. Olar Kapernauma geldiler. Sabat güni Isa sinagoga baryp, öwretmäge başlady. «Eý, nasyraly Isa! Biziň bilen näme işiň bar? Bizi ýok etmäge geldiňmi? Men Seniň kimdigiňi bilýärin, Sen Hudaýyň Mukaddesisiň» diýip gygyrdy. Şeýlelikde, Isa olaryň sinagogalarynda wagyz edip, arwah-jynlary kowup çykaryp, tutuş Jeliläniň içine aýlandy. Ol ýahudylaryň sinagogalarynda halka öwretmäge başlady, hemmeler Oňa öwgi aýdýardylar. Şeýdip, Ol Ýahudyýanyň sinagogalarynda wagyz etmegini dowam etdirdi. Hudaýyň nasyraly Isany Mukaddes Ruh we güýç-gudrat bilen dolduryp, Ony saýlap-seçendigini bilýänsiňiz. Isa çar tarapa aýlanyp, köp ýagşy işler etdi, iblisiň hökmürowanlygyndan ejir çekýänleriň baryna şypa berdi, sebäbi Hudaý Onuň bilendi.
Выбор основного перевода