Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb şeýle diýýär: „Men köp balykçylary ýollaryn, olary tutarlar. Ondan soňra Men köp awçylary ýollaryn. Her dagyň, her depäniň üstünden we her gaýanyň gowagyndan olary awlarlar. Deňziň kenarynda balykçylar durarlar; tor taşlanan ýer Eýngediden Eýneglaýyma çenli bolar. Olaryň balyklary dürli-dürlülikde Ortaýer deňziniň balyklary kimin gaty köp bolar. Hökmürowan Reb Öz mukaddesliginden ant içdi: «Siziň çeňňekler bilen, iň soňkyňyzyň hem balyk garbaklary bilen tutuljak günüňiz hökman ýetip geler. Şeýle hem, Gögüň Şalygy deňze taşlanyp, her hili balygy ýygnaýan tor ýalydyr. Şonuň üçin hem gidiň-de, ähli milletleri şägirt ediň, olary Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň adyndan suwa çümdüriň. Size buýran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men hemişe, tä dünýäniň ahyryna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi.
Выбор основного перевода