Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ertesi gün Ýahýa ýanynda iki sany şägirdi bilen ýene şol ýerdedi. Ol geçip barýan Isany görüp: «Ine, Hudaýyň Guzusy!» diýdi. Ýahýanyň sözlerini eşidip, bu iki şägirt Isanyň yzyna düşüp gitdi. Isa gaňrylyp, yzyna düşüp gelýänleri gördi-de, olardan: «Size näme gerek?» diýip sorady. Olar: «Rabbi, Sen nirede ýaşaýarsyň?» diýip soradylar. (Rabbi mugallym diýmekdir). Isa olara: «Meniň yzyma düşüň, görersiňiz» diýdi. Şeýdip, olar Isa bilen gidip, Onuň nirede ýaşaýandygyny gördüler, şol wagt öýlän sagat dört töweregidi. Olar şol gün Onuň ýanynda galdylar. Ýahýadan Isa hakda eşidip, Onuň yzyna düşüp gidenleriň biri Simun Petrusyň dogany Andrysdy. Andrys ilki bilen dogany Simuny tapyp, oňa: «Biz Mesihi tapdyk» diýdi. (Mesih Hudaýyň saýlap-seçeni diýmekdir). Ol doganyny Isanyň ýanyna getirdi. Isa Simuna seredip: «Sen Ýohannanyň ogly Simunsyň, ýöne sen Kepas diýlip atlandyrylarsyň» diýdi. (Kepas Petrus diýlip terjime edilýär).
Выбор основного перевода