Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Olar Isadan «Biz Ybraýymyň neslidiris, hiç wagt hiç kime gul bolan däldiris. Onsoň nädip Sen bize azat bolarsyňyz diýip bilýärsiň?» diýdiler. Siziň Ybraýymyň nesilleridigiňizi bilýärin, ýöne siz Meniň kastyma çykdyňyz, sebäbi siz Meniň sözüme öz kalbyňyzdan orun bereňzok. Olar Oňa: «Biziň atamyz Ybraýymdyr» diýdiler. Isa olara: «Siz Ybraýymyň perzentleri bolýan bolsaňyz, Ybraýymyň işlerini ederdiňiz. Eý, doganlar, Ybraýymyň nesilleri! Eý, Rebbe sežde edýän keseki milletler! Halasgärimiz baradaky bu habar bize berildi. Çünki daşky görnüşi boýunça ýahudy görünýän her kes ýahudy däldir, tendäki her sünnet-de hakyky sünnet däldir. Ýok, köňli ýahudy bolan adam hakyky ýahudydyr. Kanuna görä däl-de, Mukaddes Ruha görä bolan sünnet hakyky sünnetdir. Hakyky ýahudynyň öwgüsi adamlardan däl-de, Hudaýdandyr. Ýokarda aýdylanlary nazara alyp, atamyz Ybraýym babatda näme aýdyp bileris? Ybraýym sünnetlenmänkä iman etdi, sünneti bolsa iman arkaly alan aklanmasynyň möhüri hökmünde kabul etdi. Şeýdip, Ybraýym sünnetsizlikde iman edip, dogruçyl hasaplanan her bir adamyň atasy boldy. Şeýle-de, atamyz Ybraýym sünnetlileriň hem atasydyr. Ýöne şeýle sünnetlileriň imany Ybraýymyň sünnetlenmeden ozal iman edişi ýaly bolmalydyr. Şoňa görä-de, berlen wadany iman arkaly alyp bolýandyr. Wada merhemetli peşgeş bolup, Ybraýymyň tutuş nesline – diňe Musanyň Kanunyna eýe bolanlara däl, eýsem Ybraýym ýaly iman edýänleriň baryna degişlidir. Mukaddes Ýazgyda Hudaýyň Ybraýyma: «Seni köp milletleriň atasy etdim» diýşi ýaly, Ybraýym Hudaýyň nazarynda ählimiziň atamyzdyr. Sebäbi ol merhumlary direldýän we ozal bolmadyk zatlary bar edýän Hudaýa iman etdi.
Выбор основного перевода