Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Başda men hem Onuň kimdigini tanamaýardym. Emma men Ony ysraýyl halkyna tanatmak üçin, adamlary suwa çümdürmäge geldim». Ýahýa ýene şaýatlyk edip, şeýle diýdi: «Men Mukaddes Ruhuň gökden kepderi kimin inip, Onuň üstüne inenini gördüm. Şol wagt men Onuň kimdigini tanamaýardym, emma halky suwa çümdürmek üçin meni Iberen: „Mukaddes Ruhuň kimiň üstüne inenini görseň, adamlary Mukaddes Ruha çümdürjek Şoldur“ diýdi. Men muny gördüm we Onuň Hudaýyň Ogludygyna şaýatlyk edýärin».
Выбор основного перевода