Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Taňry Sion gyzlarynyň pisligini ýuwar, Iýerusalimde dökülen gany höküm we alaw ruhy bilen tämizlär. Ýahýa Isa barada şaýatlyk edip, batly ses bilen: «Ine, Menden soňra geljek Menden üstündir, sebäbi Ol menden hem owal bardy diýenim Şudur» diýip gygyrdy. Ýahýa olara: «Hawa, men adamlary suwa çümdürýärin, emma araňyzda Biri bar, siz Ony tanamaýarsyňyz. Ol menden soňra geljekdir. Men Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin» diýip jogap berdi. Şol wagt men Onuň kimdigini tanamaýardym, emma halky suwa çümdürmek üçin meni Iberen: „Mukaddes Ruhuň kimiň üstüne inenini görseň, adamlary Mukaddes Ruha çümdürjek Şoldur“ diýdi. Ýahýa sizi suwa çümdüripdi, emma ýene birnäçe günden siz Mukaddes Ruha çümdürilersiňiz». Olar uçguna meňzeş bir zatlaryň pytrap, öz üstlerine inendigini gördüler. Olaryň hemmesi Mukaddes Ruhdan doldular we Mukaddes Ruhuň beren ukybyna görä, başga dillerde gepläp başladylar. Şonda Rebbimiz Isanyň: „Ýahýa suwa çümdürdi, emma siz Mukaddes Ruha çümdürilersiňiz“ diýen sözi ýadyma düşdi. Pawlus: «Ýahýa toba edenleri çümdürýärdi. Ol halky özünden soňra Gelene, ýagny Isa iman etmäge çagyrdy» diýdi. Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Ýene az salymdan şol Geljek hökman geler, eglenmez.
Выбор основного перевода