Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Oňat miwe bermeýän her bir agaç çapylyp, oda taşlanýandyr. Şeýlelik bilen haşal otlar nähili ýyglyp, otda ýakylýan bolsa, dünýäniň ahyrynda hem şeýle bolar. Onsoň Isa olara şu tymsaly gürrüň berdi: «Bir adamyň bagynda bitip oturan bir injir agajy bar eken. Ol gelip, ondan miwe agtarýar, ýöne hiç zat tapmaýar. Ol bagbana: „Men üç ýyldan bäri gelip, bu injir agajyndan miwe gözleýän, emma birini-de tapamok. Ony kesip taşla! Ol nämä biderek ýer tutup otyr?“ diýýär. Emma bagban oňa: „Agam, oňa bu ýyl hem degme, men onuň töweregini gazyp, dökün bereýin. Geljek ýyl miwe berse-hä ne ýagşy, bermese-de, ony kesip taşlarsyň“ diýýär». Kim Mende ýaşamasa, kesilen şaha kimin taşlanyp, gurar. Guran şahalary bolsa ýygnap, oda ýakarlar. Biziňkiler hem miwesiz ömür sürmez ýaly, mätäçlere ýardam bermek arkaly ýagşylyk etmegi adat edinsinler.
Выбор основного перевода