Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma şuny bilip goýuň: öý eýesi ogrynyň haýsy sagatda geljegini bilsedi, öýüni talatmazdy. Siz hem taýýar boluň, sebäbi Ynsan Ogly siziň oslamaýan sagadyňyzda geler». Şonda Petrus: «Agam, bu tymsaly diňe bize aýdýarsyňmy ýa-da hemmelere?» diýip sorady. Reb Isa şeýle jogap berdi: «Hojaýynyň sadyk hem akylly iş dolandyryjysy kim? Beýleki hyzmatkärlerine wagtly-wagtynda nahar bermek üçin, olaryň üstünden goýan adamy dälmi? Hojaýyny dolanyp gelende, işiniň başynda gören hyzmatkäri nähili bagtly! Size dogrusyny aýdýaryn, hojaýyny ähli mal-mülküni şoňa ynanar. Emma şol hyzmatkär öz içinden: „Hojaýynym giç geler“ diýip, gullary we kenizleri urmaga, iýip-içip, serhoş bolmaga başlasa, hojaýyny hem onuň oslamaýan gününde, oýlamaýan sagadynda gelse, ony parça-parça edip, onuň başyna biwepalaryň gününi salar. Rebbiň güni bir ogrynyň gelşi ýaly geler, muny özüňiz-de bilýänsiňiz ahyryn. Şunlukda, ukudaky adamlar ýaly bolmalyň. Tersine, oýa we hüşgär bolalyň. Çünki: «Döwran sürmegi isleýän bolsaň, ýagşy günleri görmekçi bolsaň, ýamanlykdan sakla sen öz diliňi we hileli gepden – dodaklaryňy;
Выбор основного перевода