Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Gökdäki ýyldyzlar, olaryň toplumy yşyk bermezler; Gün dogsa-da garalar, Aý nuruny saçmaz. Gögüň ähli goşunlary çüýrär, asman kagyz kimin düýrlener; ähli asman jisimleri üzüm agajynyň ýapragy dek, injir agajynyň ýapragy dek solarlar. Seni gümlän mahalym gökleri bürärin, ýyldyzlary garaldaryn; Güni bulut bilen örterin, Aý-da öz yşygyny bermez. Olaryň öňünde ýer endireýär, asman bolsa lerzana gelýär, Günüň, Aýyň ýüzi garalýar, ýyldyzlar hem şöhlesini gizleýär. Rebbiň beýik we gazaply güni gelmezden ozal, Gün tümlüge, Aý hem gana döner.
Выбор основного перевода