Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hudaý Nuha şeýle diýdi: «Men bütin janly-jandarlaryň soňuna çykjak, çünki olar zerarly ýer ýüzi zulumdan doldy. Men olary ýer bilen bile ýok etjek. Özüňe serwi agajyndan bir gämi ýasa; onda otaglar ýasap, gämä içinden hem daşyndan şepbik çal. Gämini şeýle ýasamaly: onuň uzynlygy üç ýüz, giňligi elli we beýikligi otuz tirsek bolsun. Oňa üçek-de ýasa, üçegiň boýy bir tirsek bolsun; gäminiň gapysyny gapdaldan aç. Gämini aşaky, ortaky we üstki gatlardan ybarat edip ýasa. Ine, Men bolsa ýer ýüzüne sil gönderip, gökleriň astyndaky burnunda dirilik nepesi bolan janly-jandarlaryň ählisini ýok etjekdirin; ýer ýüzündäki zatlaryň barysy öler. Emma Men seniň bilen äht baglaşaryn. Sen ogullaryň, aýalyň hem gelinleriň bilen gämä münersiň. Diri galmaklary üçin, bir erkek, bir urkaçy edip, jandarlaryň-da her görnüşinden bir jübütini gämä alyp mün. Diri galmak üçin guşlaryň, mallaryň we süýrenijileriň hersi öz taýy bilen jübüt-jübüt bolup, seniň bilen gämä münerler. Şeýle hem sen özüňe hem ähli haýwanlara iýmit bolar ýaly öz ýanyň bilen dürli-dümen azyk-owkat alyp mün». Nuh Hudaýyň buýran zatlarynyň hemmesini ýerine ýetirdi. Emma olar gögüň ezelden Hudaýyň sözi arkaly ýaradylandygyny, ýer bolsa suwdan bölünip, suw bilen gurşalandygyny bilgeşleýin ýatdan çykaran bolýarlar. Şeýle hem gadymy dünýä şol suw-sil bilen weýran boldy.
Выбор основного перевода