Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eger araňyzdan pygamberler ýa-da düýş ýorujylar peýda bolup, alamat ýa-da mugjyza görkezseler, ol alamat ýa-da mugjyza ýerine düşse we olar size: „Geliň, keseki hudaýlaryň yzyna eýereliň, olara sygynyp gulluk edeliň“ diýseler, bikanun adam peýda bolar. Reb Isa agzynyň demi bilen, Öz gelşiniň şanly şöwketi bilen ony ýok eder. Bikanun adam gelende şeýtanyň güýji arkaly her hili ýalan gudratlary, alamatlary we mugjyzalary görkezer. Ol her hili ýamanlyklar bilen heläkçilik ýoluna düşenleri aldawa salar. Çünki olar hakykaty söýmegi we şol arkaly halas bolmagy ret etdiler. Şonuň üçin-de Hudaý olary aldaýan bir güýje tabşyrýar. Olar-da bu aldawa ynanýarlar. Bu ikinji jandar uly alamatlary görkezýärdi, hatda ynsanlaryň gözleriniň alnynda gökden ýere ot hem ýagdyrýardy. Bu jandar birinji jandaryň adyndan alamatlar görkezip, ýer ýüzüniň ilatyny aldawa salýardy. Ol gylyç bilen ölüm howply ýara salnandygyna garamazdan, direlen jandaryň heýkelini ýasamagy ilata buýurdy.
Выбор основного перевода