Mattanyň Hoş Habary 24:37
Mattanyň Hoş Habary 24:39
1 Korintoslylara haty 15:23
1 Selaniklilere haty 2:19
Nuhuň döwründe ýaşaýyş nähili bolan bolsa, Ynsan Oglunyň gelşi-de şeýle bolar.
Äpet sil gelip, hemmesini süpürip äkidýänçä, olar öz başlaryndan injek zatlardan asla bihabardylar. Ynsan Oglunyň gelşi hem şeýle bolar.
Ýöne her kes öz gezeginde direler. Isa Mesih ilkinji bolup direldi. Mesih gelende, Oňa degişli bolanlar-da direler.
Biziň umydymyz we şatlygymyz kimdir? Rebbimiz Isa gelende Onuň öňünde guwanjak täjimiz kimdir? Siz dälmisiňiz? Elbetde sizsiňiz!
Indi bolsa, eý, doganlar, Rebbimiz Isa Mesihiň gelmegi we Onuň ýanyna üýşmegimiz babatda şulary aýdyňlaşdyrmakçy:
bikanun adam peýda bolar. Reb Isa agzynyň demi bilen, Öz gelşiniň şanly şöwketi bilen ony ýok eder.