Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Fariseýler bilen ähli ýahudylar ata-babalaryndan galan dessur boýunça ellerini oňat ýuwmazdan nahar iýmeýärdiler. Bazardan gelenlerinde-de, ýuwunman hiç zat iýmeýärdiler. Şeýle-de käse, gap-çanak, gazanlary tämizlemek ýaly dessurlary hem saklaýardylar. Şonuň üçin fariseýler bilen Töwrat mugallymlary Isadan: «Näme üçin Seniň şägirtleriň ata-babalarymyzdan galan adata eýermeýärler? Näme üçin ellerini ýuwman nahar iýýärler?» diýip soradylar. Isa olara: «Işaýa pygamber siz ikiýüzlüler hakda jaýdar pygamberlik edipdir! Onda şeýle ýazylan: „Bu halk Meni dilinde hormatlaýar, emma ýürekleri Menden uzakdadyr. Biderek ýere Maňa sežde edýärler, taglymat diýip öwredýänleri ynsan buýruklarydyr“. Siz ynsan däp-dessurlaryna eýerip, Hudaýyň buýrugyny terk edýärsiňiz» diýdi. Isa ýene olara şeýle diýdi: «Öz adatlaryňyzy berjaý etmek üçin, siz Hudaýyň buýruklaryndan ýüz döndermegiň oňat ýoluny tapypsyňyz! Isa hem şeýle diýdi: «Siziň hem waý halyňyza, eý, Töwrat mugallymlary! Agyr ýükleri adamlara ýükleýärsiňiz, özüňiz bolsa ol ýüklere barmagyňyzy hem degirmeýärsiňiz. Hudaýy söýmek Onuň buýruklaryny berjaý etmekdir. Onuň buýruklary bolsa agyr däldir.
Выбор основного перевода