Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Fariseýler muny görüp, Onuň şägirtlerinden: «Näme üçin siziň Mugallymyňyz salgytçylardyr günäkärler bilen bile nahar iýýär?» diýip soradylar. Onsoň Ýahýanyň şägirtleri Isanyň ýanyna gelip: «Näme üçin biz we fariseýler agyz bekleýäris-de, Seniň şägirtleriň agyz beklänoklar?» diýip soradylar. Isa olara: «Giýew ýanlaryndaka, heý-de, toýuň myhmanlary ýas tutarmy? Emma giýewiň olardan alynjak günleri geler, şonda olar agyz beklärler. Ähli salgytçylar bilen günäkärler Isanyň aýdýan zatlaryny diňlemek üçin, Onuň daşyna üýşýärdiler. Fariseýler bilen Töwrat mugallymlary bolsa: «Bu adam günäkärleri kabul edýär, olar bilen nahar iýýär» diýip hüňürdeşýärdiler. Halk muny görüp: «Bir günäkäriň öýüne myhman boldy» diýşip, hüňürdemäge başlady.
Выбор основного перевода