Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýa Hökmürowan Rebbimiz! Adyň neneň belent tutuş ýeriň ýüzünde! Ýaýdyň şöhratyňy gökler üstünde. Sen Öz ýagylaryň sebäpli, duşmandyr öç alýany dymdyrmak üçin, çagalaryň, bäbekleriň alkyşlaryndan gala ýaratdyň. Eý, doganlar! Hudaý sizi çagyrmanka özüňiziň kim bolandygyňyzy ýada salyň. Araňyzda ynsan nukdaýnazaryndan dana, ygtyýarly, asylzada saýylýanlaryňyz köp däldi. Emma danalary utandyrmak üçin, Hudaý bu dünýäniň akmak saýýanlaryny saýlady. Güýçlülerini utandyrmak üçin hem bu dünýäniň ejiz saýýanlaryny saýlady. Hudaý dünýäniň abraýly saýýanlaryny hiç etmek üçin, asylsyzlary we äsgerilmeýänleri, ýagny hiç saýylýanlary saýlady. Şoňa görä-de, goý, hiç kim Hudaýyň huzurynda öwünmesin!
Выбор основного перевода