Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Sur hakyndaky pygamberlik: Eý, Tarşyş gämileri, Sur weýran boldy, perýat ediň! öýsüz-öwzarsyz galdy ol. Kiprden size habar geldi. Eý, ada ilaty, deňizden geçýänleriň üsti bilen baýan Sidon täjirleri, dymyň! Bol suwlar ýakasynda Şihoryň gallasy, Niliň hasyly girdejiňdi. Milletleriň täjiridi ol. Utan, eý, Sidon, deňiz ýakasyndaky gala, deňiz şeýle diýýär: «Ne burgy tutdy, ne-de dogurdym, ne ýaş ýigitleri kemala getirdim, ne-de ýaş gyzlary ýetişdirdim». Suruň halyna gynanar Müsür, ol barada eşidende. Tarşyşa geçiň, eý, adalylar, perýat ediň! Asly owaldan bäri bolan, uzak ülkeleri ýurt edinen şagalaňly şäheriňiz şumy? Täçleri berýän Sura garşy beýle karar çykaran kim? Suruň täjirleri şazadalardy, täjirleri dünýäniň abraýly adamlarydy. Eý, Sur, Sidon we ähli Pilişt welaýatlary, siz kimsiňiz Meniň üçin? Siz Maňa gaýtawul berýärsiňizmi? Eger gaýtawul berýän bolsaňyz, Men siziň edenleriňizi okgunlylyk bilen tizara başyňyza salaryn. Çünki siz Meniň altyn-kümşümi, saýlama hazynamy buthanalaryňyza äkitdiňiz. Siz Ýahuda we Iýerusalim halklaryny öz çäklerinden uzaklaşdyryp, olary grek halkyna satdyňyz. Indi bolsa olary şol ýerden aýaga galdyryp, edenleriňizi öz başyňyza salýan Mendirin. Men siziň oguldyr gyzlaryňyzy Ýahuda halkyna sataryn, ol hem siziň çagalaryňyzy uzakdaky Şebalylara satar». Muny Reb aýtdy. Reb şeýle diýýär: «Men surlulary günä üstüne günä edendikleri üçin jezasyz galdyrmaryn. Çünki olar doganlyk ähtini unudyp, tutuş jemagaty Edoma gul edip satdylar. Muňa görä Sur diwaryna ot ýagdyraryn, ot onuň galalaryny ýakyp kül eder». Bu söz Hadrak bilen araçäkdeş bolan Hamat ýurduna, juda parasatly Sur bilen Sidon şäherlerine hem degişlidir. Sur özüne berkitme gurdy, gum kimin kümüş, köçe hapasy ýaly altyn üýşürdi. Emma Reb onuň bar ýygnanjasyny elinden alar indi. Deňizdäki güýjüni ýok eder, şäheri ot ýalmap-ýuwudar. Mordekaý bolup geçen ähli zatlar hakynda eşidende, ýakasyny ýyrtyp, jul geýnip, başyndan kül sowurdy we şäheriň ortasyna çykyp, dady-perýat etdi. Bu habar Ninewe patyşasyna ýetende, ol tagtyndan düşüp, şa lybasyny çykardy we jul geýnip, kül üstünde oturdy. Soňra ol özüniň hem-de töreleriniň adyndan Ninewäniň halkyna şeýle buýruk berdi: «Ähli adamlar-da, haýwanlardyr mal-garalar-da hiç zat iýmesinler, suw-da içmesinler. Ynsanu-haýwan jul geýinsin, bar güýji bilen Hudaýa perýat etsin, öz ýaman ýolundan dönüp, bet işlerinden el çeksin.
Выбор основного перевода