Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hirod dogany Filipiň aýaly Hirodiýa üçin Ýahýany tutduryp, el-aýagyny gandallap, zyndana taşladypdy. Hirod dogany Filipiň aýaly Hirodiýa öýlenipdi. Ýahýa bolsa Hiroda: «Seniň öz doganyňyň aýalyna öýlenmegiň dogry däl» diýipdi. Şonuň üçin Hirod adam iberip, Ýahýany tutdurypdy, onuň el-aýagyny gandallap, zyndana saldyrypdy. Şol wagt Hirod han bolan wakalaryň baryny eşidip, gaty aljyrady. Sebäbi käbir adamlar: «Ýahýa direlipdir!» diýýärdiler. Käbirleri: «Ylýas peýda bolupdyr!», başga birileri hem: «Gadymy pygamberleriň biri direlipdir!» diýişýärdiler. Hirod bolsa: «Men Ýahýanyň başyny çapdyrdym, onda bu adam kimkä? Ol hakda üýtgeşik habarlar eşidýän» diýdi. Ol Isany görmäge jan etdi. Bu wakalar Ýahýa zyndana salynmazdan öň bolup geçdi.
Выбор основного перевода