Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Men olar üçin doga-dileg edýärin, olar bolsa söýgime derek meni ýazgarýar. Olar ýagşylygyma ýamanlyk edýär, söýgime derek meni ýigrenýär. Fariseýler daşary çykyp, Isany nädip ýok etmelidigi barada maslahatlaşdylar. Soňra fariseýler gidip, Ony gepde tutmak barada maslahat etdiler. Hirodyň tarapdarlarynyň birnäçesini Onuň ýanyna iberdiler. Olar Isadan: «Mugallym! Biz Seniň dogruçyldygyňy, Hudaýyň ýoluny hakykat bilen öwredýändigiňi, hiç kime tarapgöýlik etmeýändigiňi bilýäris, sebäbi Sen adamlaryň derejesine bakmaýarsyň. Bolup geçýän zatlary Hirod patyşa-da eşitdi, sebäbi Isanyň at-owazasy il arasyna ýaýrapdy. Käbir adamlar: «Ýahýa çümdüriji ölümden direlipdir. Ol şol sebäpli bu mugjyzalary görkezip bilýär» diýýärdiler. Isa olara: «Hüşgär boluň! Fariseýler bilen Hirodyň hamyrmaýasyndan ägä boluň» diýip, duýduryş berdi. Isany gepde tutjak bolup, fariseýleriň we Hirodyň tarapdarlarynyň birnäçesini Onuň ýanyna iberdiler. Şonda Ony ýene tutmaga synanyşdylar, emma Isa olaryň ellerinden sypyp gaçdy.
Выбор основного перевода