Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Isa tutuş Jeliläni aýlanyp çykdy. Ol ýerdäki sinagogalarda sapak berip, Gögüň Şalygynyň Hoş Habaryny wagyz etdi, halkyň arasyndaky her hili keselleri, hassalary sagaltdy. Olar diňe donunyň syýyna ellerini degirmäge rugsat etmegini sorap, Oňa ýalbarýardylar. Oňa el degrenleriň hemmesi-de sagaldy. Şol wagtyň özünde onuň gan akmasy kesildi. Aýal derdinden saplanandygyny bedeninde duýdy. Isa oňa: «Eý, naçar, imanyň saňa şypa berdi. Sag-aman git, derdiňden saplan» diýdi. Isa nirä barsa, oba bolsun, şäher bolsun ýa-da şäherçe, adamlar hassalary meýdanlarda ýatyryp, diňe donunyň syýyna ellerini degirmäge rugsat etsin diýip, Oňa ýalbarýardylar. Oňa el degrenleriň hemmesi-de şypa tapýardy. Onsoň Isa bilen şägirtleri Betsaýda geldiler. Ol ýerde Isanyň ýanyna bir kör adamy getirdiler we oňa elini degirmegini sorap, Oňa ýalbardylar.
Выбор основного перевода