Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Isa kyrk gije-gündiz agyz bekländen soňra ajykdy. Şol wagt Onuň ýanyna azdyryjy şeýtan gelip: «Eger Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, onda şu daşlaryň çörege öwrülmegini buýur» diýdi. Emma Isa oňa: «„Ynsan diňe çörek bilen ýaşaman, eýsem Rebbiň agzyndan çykýan her bir söz bilen hem ýaşaýar“ diýip ýazylgydyr» diýip jogap berdi. Soňra iblis Isany mukaddes şäher Iýerusalime getirdi. Ony ybadathananyň çür depesine çykaryp: «Eger Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, Özüňi aşak okla. Çünki şeýle ýazylgydyr: „Ol perişdelerine Sen babatda emr eder. Aýagyň daşa büdremez ýaly, olar Seni ellerinde göterer“» diýdi. Isa oňa: «„Hudaýyňyz Rebbi synamaň“ diýip hem ýazylgydyr» diýdi. Bu gezek iblis Isany beýik bir dagyň çür başyna çykardy. Oňa dünýäniň ähli şalyklaryny we olaryň şan-şöhratyny görkezip: «Eger dyzyňa çöküp, maňa sežde etseň, bularyň baryny Saňa bereýin» diýdi. Isa oňa: «Ýok bol, şeýtan! „Hudaýyňyz Rebbe sežde ediň, diňe Oňa gulluk ediň“ diýip ýazylandyr» diýdi. Şundan soň iblis Isany taşlap gitdi. Perişdeler gelip, Isa hyzmat etdiler.
Выбор основного перевода