Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Olar henizem çörekli mugjyza düşünmändiler, bu olaryň aňyna baryp ýetenokdy. Isa olaryň näme diýişýändiklerini bilip, olardan: «Näme üçin çöregimiz ýok diýşip çekeleşýärsiňiz? Siziň entegem akylyňyz ýetenokmy, düşünmeýärsiňizmi? Ýüregiňiz şeýle gatymy? Merýemiň we onuň bilen bile gelen ýahudylaryň aglaýanyny görende, Isanyň kalbyny çuňňur gynanç gaplap, ýüregi gyýyldy. «Hudaý olaryň gözlerini kör etdi, ýüreklerini gatatdy. Goý, gözleri bilen görmesinler, gulaklary bilen eşitmesinler, aňlary bilen aňlamasynlar, Maňa dönüp, şypa tapmasynlar». Eý, doganlar, siz tekepbirlige ýüz urmaz ýaly, şu syrdan habarly bolmagyňyzy isleýärin. Hudaý başga milletlerden saýlanlarynyň baryny halas edýänçä, käbir ysraýyllaryň ýüregi ýumşamaz. Olaryň aň-düşünjesini garaňkylyk gaplady. Nadan we doňýürek bolandyklary üçin, olar Hudaýyň beren durmuşyndan mahrum boldular.
Выбор основного перевода