Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Eger bir adam bir gyza öýlense, ýöne ondan kemçilik tapandygy üçin ony halamasa, onda, goý, ol aýalynyň eline talak hatyny ýazyp bersin we ony öýünden çykaryp goýbersin. Ol aýal onuň öýünden gidip, başga birine durmuşa çykyp biler. Emma ol aýalyň ikinji adamsy hem halaman, onuň eline talak hatyny berip, öýünden kowsa (ýa-da onuň ikinji baran adamsy ölse), kowup goýberen birinji äri onuň haramdygy üçin, ony ikilenç özüne aýal edip almaga hakly däldir, çünki beýle etmek Rebbe nejislikdir. Hudaýyňyz Rebbiň size mülk edip berýän ýerini harama çykarmaň. Şeýle hem: „Kim aýalyny kowup goýberse, oňa talak hatyny bersin“ diýlendir. Emma Men size diýýärin, aýalyny zynadan başga sebäp bilen aýran adam onuň zyna etmegine sebäp bolýandyr. Aýrylyşan aýala öýlenen adam hem zyna edýändir.
Выбор основного перевода