Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Biraz ýöränlerinden soň, Isa başga iki dogany, Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýohannany gördi. Olar gaýygyň içinde kakalary Zebedeý bilen torlaryny bejerip otyrdylar. Isa olary çagyrdy. Şol on iki resulyň atlary şulardyr: birinjisi Petrus lakamly Simun we onuň dogany Andrys, Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýohanna, Filip, Bartolomeý, Tomas, salgytçy Matta, Alfeýiň ogly Ýakup, Taddeý , watançy Simun, Isa haýynlyk eden Ýudas Iskariýot. Alty günden soň Isa ýanyna diňe Petrusy, Ýakuby we onuň dogany Ýohannany alyp, bir beýik dagyň üstüne çykdy. Biraz ýöränlerinden soň, Isa Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýohannany gördi. Olar gaýygyň içinde torlaryny bejerip otyrdylar. Olar sinagogadan çykyp, Simun we Andrysyň öýüne gitdiler, Ýakup bilen Ýohanna hem olar bilendi. Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýohanna – Isa olara Bowanerges diýen lakamy berdi, (bu «Gök gürrüldisiniň ogullary» diýmegi aňladýar), Isa Petrusdan, Ýakupdan we onuň dogany Ýohannadan başga hiç kime Özi bilen gitmäge rugsat etmedi. Alty günden soň Isa ýanyna diňe Petrusy, Ýakuby we Ýohannany alyp, bir beýik dagyň üstüne çykdy. Şol ýerde olaryň gözüniň alnynda Onuň keşbi üýtgedi. Beýleki on şägirt muny eşidip, Ýakup bilen Ýohanna gaharlanmaga başladylar. Soňra Isa ybadathananyň garşysyndaky Zeýtun dagynda otyrka, Petrus, Ýakup, Ýohanna we Andrys dagy ýekelikde Ondan: Isa Petrusy, Ýakuby we Ýohannany ýanyna aldy. Isa ajy hasrat çekip, gaýgylanmaga başlady. Simunyň ýoldaşlary Ýakup bilen Ýohanna atly Zebedeýiň ogullary hem muňa haýran galdylar. Isa Simuna: «Gorkma, sen mundan beýläk balyk deregine ynsanlary tutarsyň» diýdi. Simun (Isa oňa Petrus lakamyny berdi), onuň dogany Andrys, Ýakup, Ýohanna, Filip, Bartolomeý, Matta, Tomas, Alfeýiň ogly Ýakup, watançy Simun, Ýakubyň ogly Ýahudyýa we Isa haýynlyk eden Ýudas Iskariýot. Isa onuň öýüne gelende, Petrus, Ýohanna, Ýakup we gyzyň ene-atasyndan başga hiç kime Özi bilen içeri girmäge rugsat etmedi. Bu sözleri aýdanyndan sekiz gün geçensoň, Isa Petrusy, Ýohannany we Ýakuby ýanyna alyp, Hudaýa doga okamak üçin daga çykdy. Isanyň şägirtleri Ýakup bilen Ýohanna muny görüp, Ondan: «Eý, Agam! Olary ýok etmek üçin gökden ot ýagdyrmagymyzy isleýärsiňmi?» diýip soradylar. Şähere girenlerinden soň, olar öz bolýan öýleriniň ýokarky gatyndaky otagyna çykdylar. Petrus, Ýohanna, Ýakup, Andrys, Filip, Tomas, Bartolomeý, Matta, Alfeýiň ogly Ýakup, Watançy Simun we Ýakubyň ogly Ýudas dagy hem şol ýerdediler.
Выбор основного перевода