Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Bu dünýäde özüňize hazyna ýygnamaň, bu ýerde ony güýe bilen pos iýýändir, munda ogrular girip ogurlaýandyr. Muňa derek özüňize gökde hazyna ýygnaň, ol ýerde ne güýe, ne pos iýýändir, ne-de ogrular girip ogurlaýandyr. Öz haçyny alyp, Meniň yzyma düşmedik hem Maňa mynasyp däldir. Isa şägirtleri bilen birlikde mähelläni-de ýanyna çagyryp, olara şeýle diýdi: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, haçyny alyp yzyma düşsün. Emlägiňizi satyň, garyplara sadaka beriň. Özüňize könelmeýän gapjyk, gökde tükenmeýän hazyna taýýarlaň. Ol ýere ogry golaýlaşýan däldir, güýe iýýän däldir. Dawudyň özi göklere çykmasa-da, şeýle diýipdi: „Hudaý Rebbime şeýle sözledi: ‘Duşmanlaryňy aýak astyna salýançam, Meniň sagymda otur’“. Aralarynda mätäç adam ýokdy. Sebäbi kimiň mellegi, öýi bar bolsa, olary satýardylar. Satylan zatlaryň puluny bolsa getirip, resullaryň öňünde goýýardylar. Şeýlelikde, her kime geregiçe paýlanýardy.
Выбор основного перевода