Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Fariseýler gelip, Isa bilen jedelleşmäge başladylar. Ony synajak bolup, gökden bir gudratly alamat görkezmegini talap etdiler. Olar muny Isany synamak üçin sorapdylar, sebäbi Ony aýyplamak üçin tutaryk agtarýardylar. Isa aşak oturyp, barmagy bilen ýere bir zatlar ýazmaga başlady. Beýlekilere bolsa Reb däl-de, men diýýärin: eger haýsydyr bir doganyň iman etmedik aýaly bar bolsa, ol aýal hem onuň bilen ýaşamaga razy bolsa, onda bu dogan öz aýaly bilen aýrylyşmasyn. Eger aýalyň iman etmedik äri bar bolsa, äri-de onuň bilen ýaşamaga razy bolsa, bu aýal äri bilen aýrylyşmasyn. Çünki iman etmedik är öz aýaly arkaly Hudaýa degişli bolýandyr. Iman etmedik aýal-da öz iman edýän äri arkaly Hudaýa degişlidir, ýogsa siziň çagalaryňyz Hudaýyň halkyna degişli bolmazdylar. Indi welin olar degişlidir. Hudaý bizi bilelikde parahat ýaşamaga çagyrandyr. Eý, aýal, belki, äriň sen arkaly halas ediler. Eý, är, belki, aýalyň sen arkaly halas ediler. Emma iman etmedik ýanýoldaş aýrylyşjak bolsa, goý, aýrylyşsyn. Imanly är ýa-da aýal şeýle ýagdaýlarda borçly däldir. Hudaý bizi bilelikde parahat ýaşamaga çagyrandyr. Eý, aýal, belki, äriň sen arkaly halas ediler. Eý, är, belki, aýalyň sen arkaly halas ediler. Emma iman etmedik ýanýoldaş aýrylyşjak bolsa, goý, aýrylyşsyn. Imanly är ýa-da aýal şeýle ýagdaýlarda borçly däldir.
Выбор основного перевода