Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Maňa Töwrat bilen pygamberleriň ýazgylaryny bozmaga gelendir öýtmäň. Men bozmaga däl-de, olary amala aşyrmaga geldim. Size dogrusyny aýdýaryn, asman bilen ýer ötýänçä, ähli zat amala aşýança, Töwratdan ýekeje harp-da, bir nokat-da öçmez. Şonuň üçin hem kim bu buýruklaryň iň kiçisinden birini bozsa we şeýle etmegi başgalara öwretse, ol Gögüň Şalygynda iň kiçi saýylar. Emma kim bulary berjaý edip, başgalara-da öwretse, ol Gögüň Şalygynda uly saýylar. Men size şuny aýdýaryn: dogrulygyňyz Töwrat mugallymlaryňky bilen fariseýleriňkiden artyk bolmasa, Gögüň Şalygyna asla girmersiňiz. Isa onuň özüne sorag bilen ýüzlenip: «Töwratda näme ýazylgy? Sen muňa nähili düşünýärsiň?» diýdi.
Выбор основного перевода