Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Aşur patyşasy Babyldan, Kutdan, Awadan, Hamatdan we Separwaýymdan adamlary getirip, olary ysraýyllaryň ýerine Samariýanyň galalarynda ýerleşdirdi. Olar Samariýany eýeläp, onuň galalarynda mesgen tutdular. Emma Zerubabyldyr Ýeşuwa we beýleki Ysraýyl urugbaşylary olara: «Hudaýymyza öýi biz siz bilen bile gurmarys. Pars patyşasy Kureşiň bize buýruşy ýaly, Ysraýyl Hudaýy Rebbe öýi biziň özümiz gurarys» diýip jogap berdiler. Isa bu Onkilere şeýle buýruk berip, olary halkyň arasyna ýollady: «Keseki milletleriň arasyna gitmäň, samariýalylaryň hiç bir şäherine girmäň. Ol Özünden öň birnäçe ilçini ýollady. Olar hem Onuň gelerine taýýarlyk görmek üçin, samariýalylaryň bir obasyna girdiler. Emma samariýalylar Isany kabul etmediler, sebäbi Onuň ugry Iýerusalime tarapdy. Ýahudylar Oňa: «Saňa jyn uran samariýaly diýip, biz dogry aýdypdyrys!» diýdiler.
Выбор основного перевода