Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Hudaýyňyz Reb sizi mülk edinjek ýeriňize getirende, Gerizim dagynda alkyş aýdarsyňyz, Eýbal dagynda bolsa nälet okarsyňyz. Emma Hudaýyňyz Reb ähli tireleriň arasynda Özüne ybadat edilmegi üçin ýer saýlar we siz şol ýeri gözläp taparsyňyz. Siz ol ýere baryň, we özüňiziň ýakma gurbanlyklaryňyzy, mal sadakalaryňyzy, hasylyňyzyň ondan birini, üwreme sadakalaryňyzy, aýdan sadakalaryňyzy, meýletin sadakalaryňyzy we mal-garalaryňyzdyr dowarlaryňyzyň ilkinji erkek guzlanlaryny eltiň. Ol ýerde siz Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda öz hojalygyňyz bilen bilelikde iýip-içip, Hudaýyňyz Rebbiň siziň ähli işleriňize bereket bereni üçin şatlanyň. Bu gün biziň bu ýerdäki hereket edişimiz ýaly, hereket etmeli dälsiňiz. Biziň hemmämiz öz islegimize görä hereket edýäris. Çünki siz entek Hudaýyňyz Rebbiň salamatlyk we mülk berjek ýerine baryp ýetmediňiz. Iordandan geçip, Hudaýyňyz Rebbiň size mülk berjek ýerinde ýaşanyňyzda, daş-töweregiňizdäki ähli duşmanlaryňyzdan Reb size parahatçylyk alyp berer we siz howpsuz ýaşarsyňyz. Şonda siz Hudaýyňyz Rebbiň Özüne ybadat etmek üçin saýlajak ýerine meniň buýran ähli zatlarymy: ýakma gurbanlyklaryňyzy, mal sadakalaryňyzy, hasylyňyzyň ondan birini, üwreme sadakalaryňyzy, Rebbe göwnüňizden çykaryp aýdan sadakalaryňyzy getiriň. Siz ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz bilen Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda şatlanyp baýram ediň. Bu baýramçylyga araňyzda ýaşaýan lewileri hem çagyryň, sebäbi olaryň ýer paýy ýa mülki ýokdur. Seresap boluň, ýakma gurbanlyklaryňyzy islän ýeriňizde berip ýörmäň. Siz ony tireleriňiziň içinde diňe Rebbiň saýlajak ýerinde beriň. Siz ol ýerde ýakma gurbanlyklaryňyzy berip, meniň buýurýan ähli zatlarymy ýerine ýetirersiňiz. Ähli ysraýyllar, onuň ýaşululary, ýolbaşçylary, kazylary we olaryň arasyndaky gelmişekler Rebbiň Äht sandygyny göterýän lewi ruhanylarynyň garşysynda, olaryň hem aňry gapdalyndan, hem bäri gapdalyndan iki topar bolup durdular. Rebbiň guly Musanyň: «Hudaýyň ak patasyny almaly pursadyňyz gelende, şeýle duruň» diýip buýruşy ýaly edip, olaryň ýarysy Gerizim dagynyň öňünde, beýleki ýarysy bolsa Eýbal dagynyň öňünde durdular. Reb Süleýmana şeýle diýdi: «Men seniň eden dilegiňi, ýalbaryşyňy eşitdim. Seniň guran bu öýüňi mukaddes etdim. Maňa ol ýerde ebedilik ybadat ediler. Meniň nazarym we ýüregim hemişe şol ýerde bolar. Maňa «Rebbiň öýüne gideli» diýenlerinde begendim. Eý, Iýerusalim! derwezeleriňden ätledi gadamlarymyz! Iýerusalim bitewi bir şäher dek bina edilen. Ysraýyla berlen kanuna görä, tireler, Reb tireleri ol ýere Rebbe şükürler etmäge gidýär. Ol ýerde kazylyk tagty – Dawut öýüniň tagty bina edilen. Emma samariýalylar Isany kabul etmediler, sebäbi Onuň ugry Iýerusalime tarapdy.
Выбор основного перевода