Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Şondan iki gün geçensoň, Jeliläniň Kana şäherinde toý boldy. Isanyň ejesi-de şol ýerdedi. Isa bilen şägirtleri hem toýa çagyrylypdy. Şerap gutaryberende, ejesi Isa ýüzlenip: «Olaryň şeraby gutarypdyr» diýdi. Isa oňa: «Eý, hatyn, munuň Maňa näme dahyly bar? Meniň wagtym entek gelenok» diýip jogap berdi. Ejesi hyzmatkärlere: «Ol size näme diýse, şony hem ediň» diýdi. Şol ýerde ýahudylaryň ýuwnup-päkizlenme dessury üçin uly göwrümlialty sany hum bardy. Isa hyzmatkärlere: «Humlary suwdan dolduryň» diýdi. Olar humlary erňegine çenli doldurdylar. Onsoň hyzmatkärlere: «Indi şulardan guýup, toýuň beýemçisine äkidiň» diýdi. Olar äkitdiler. Toýuň beýemçisi şeraba öwrülen suwuň nireden gelenini bilmeýärdi, muny diňe suwy guýan hyzmatkärler bilýärdi. Ol bu şerapdan dadyp gördi we öýlenýän ýigidi çagyryp, oňa: «Hemmeler saçaga ilki bilen oňat şeraby goýýarlar. Myhmanlar içip doýanlaryndan soň, arzan şeraby berýärler. Sen bolsa oňat şeraby şu wagta çenli saklap goýupsyň!» diýdi. Bu Isanyň ilkinji görkezen gudratly alamatydy. Ol muny Jeliläniň Kana şäherinde görkezip, Öz şöhratyny aýan etdi. Muny gören şägirtleri Oňa iman etdiler. Isa Kapernauma girende, bir ýüzbaşy Onuň ýanyna gelip: «Agam, meniň hyzmatkärim öýde agyr ýatyr. Çekýän jebrinden ýaňa gozganyp-da bilenok» diýip ýalbardy. Isa Özüni diňleýän halka bu sözleriň ählisini aýdyp bolandan soň, Kapernaum şäherine gitdi. Bu ýerde bir ýüzbaşynyň ezizläp hormatlaýan hyzmatkäri keselläp, ölüm ýassygynda ýatyrdy. Ýüzbaşy Isa hakynda eşidende, öz hyzmatkärine şypa bermegini sorap, Onuň ýanyna birnäçe ýahudy ýaşulularyny iberdi.
Выбор основного перевода