Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Emma Isa dymdy. Baş ruhany Oňa: «Saňa diri Hudaýdan kasam edýärin, bize aýt, Hudaýyň Ogly – Mesih Senmi?» diýdi. Isa oňa: «Hawa, Seniň aýdyşyň ýalydyr» diýip jogap berdi. Soňra sözüni dowam edip: «Size ýene şuny aýdaýyn, mundan soň siz Ynsan Oglunyň Gudratygüýçliniň sagynda oturanyny we gögüň bulutlarynda gelýänini görersiňiz!» diýdi. Isa dymdy, hiç bir jogap bermedi. Baş ruhany ýene Ondan: «Şöhratly Hudaýyň Ogly – Mesih Senmi?» diýip sorady. Isa: «Mendirin! Siz Ynsan Oglunyň Gudratygüýçliniň sagynda oturanyny we gögüň bulutlarynda gelýänini görersiňiz» diýdi. Munuň üçin Men size „günäňiziň içinde ölersiňiz“ diýdim, çünki Meniň Biribardygyma iman etmeseňiz, günäňiziň içinde ölersiňiz» diýdi. Isa oňa: «Sen Ony gördüň. Ine, seniň bilen gepleşip duran Şoldur» diýdi. Isa olara: «Men size aýtdym, ýöne siz iman etmeýärsiňiz. Atamyň ady bilen eden işlerim Meniň kimdigime şaýatlyk edýär.
Выбор основного перевода