Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Şatlyk bilen guýulardan suw çekişiňiz deý, şatlyk bilen-de halas edilersiňiz. Men suwsuz topraga suwlar dökerin, gury ýerlere çeşmeler akdyraryn; nesilleriňiň üstüne Ruhumy, perzentleriňiň üstüne berekedimi dökerin. Şol gün Iýerusalimde suw joşar. Suwuň ýarysy gündogardaky deňze, ýarysy günbatardaky deňze akar. Bu gyşyna-da, tomsuna-da şeýle dowam eder. Isa oňa: «Seniň bilen gepleşip duran Şoldur» diýdi. Baýramyň soňky we iň esasy güni Isa ör turup, mähellä: «Suwsaýanlar Meniň ýanyma gelip, teşneligini gandyrsynlar. Kim Maňa iman etse, Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, onuň içinden ýaşaýyş suwunyň bulaklary akar» diýip gygyrdy. Ol maňa ýene-de şeýle diýdi: «Amala aşdy. Alfa we Omega, Başlangyç we Soň Mendirin. Men suwsana ýaşaýyş suwunyň gözbaşyndan mugt içirerin. Mukaddes Ruh we Gelinlik «Gel!» diýýärler. Eşidýän her kes hem «Gel!» diýsin. Suwsan gelsin. Kim öz teşneligini gandyrmak islese, goý, ýaşaýyş suwundan mugt içsin!
Выбор основного перевода